• +993 12 25 80 06
  • apfpanbarhat@sanly.tm
http://www.panbarhat.com.tm/storage/photos/1/Sholk.jpg

Daşoguz welaýaty pile möwsümine taýýarlyk görüldi

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýetip gelýän pile ýygnamak möwsümine taýýarlyk görýärler.

Olar bu jogapkärli möwsümiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp derejede ýerli zawodlaryň kesgitlenen talaplara laýyk gelmegine, jaýlaryň dezinfeksiýa edilişine we gurçuklaryň pile saramagy üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine baglydygyna gowy düşünýärler.

Gurçuk saklanjak ýerleri ýylylyk, yşyklandyryş, howa çalşygy, howanyň çyglylygy we beýleki zerur şertler bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görüldi. Welaýatda ýüpek gurçugynyň ösmegi üçin ähli amatly şertleriň döredilen onlarça pilehanalaryň bardygyny bellemelidiris. Taýýarlyk çäreleriniň çäginde dürli guramaçylyk meselelerine, şol sanda ýüpek gurçuklary ýetişdirýän welaýatynyň daýhanlary bilen şertnama baglaşylmagyna hem uly üns berilýär.

Daşoguz welaýatynda pileçilik oba hojalygynyň geljegi uly pudaklaryndan biridir. Welaýat köp mukdarda pile öndürmek üçin ähli mümkinçiliklere, şol sanda gurçuklary ýokary derejede iýmitlendirmek mümkinçiliklerine eýedir.

Häzirki wagtda tut ekilen meýdanlar, takmynan, iki müň gektara ýetýär. Bu ýerde her ýyl bu jogapkärli möwsüme işjeň gatnaşýan müňlerçe kärendeçi tarapyndan ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmekde uly tejribe toplandy.

Geçen ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem ýurdumyzyň demirgazygynda bäş ýüz tonna pile ýygnamak meýilleşdirilýär. Bu ýerde esasy pile öndürijiler Akdepe, Şabat we Görogly etraplarydyr.

Habaryň resmi çeşmesi