• +993 12 25 64 43
  • apfpanbarhat@sanly.tm

Aşgabadyň Panbarhat fabrigi

Aşgabadyň Panbarhat fabrigi 2008-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ne açyldy. Aşgabadyň Panbarhat fabrigi Aşgabat –Gökdepe aýlaw ýolunyň 12 km ýerleşýär. Fabrigimiziň panbarhat matalary özüniň ýokary hili bilen tapawutlanyp, 100% ýüpekden öndürilýär, şeýle hem öndürýän panbarhat matalarymyzyň reňkleri we gülleri müşderilerimiziň isleglerine göra sargyt esasynda öndürip berýär. Aşgabadyň Panbarhat fabriginda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda öňde goýulan gaýragoýulmasyz wezipelerden ugur alynyp meýilnama laýyklykda önümleri artdyrmaga, kärhananyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berdi. Biziň önümlerimiz ekalogiýa taýdan arassa ýokary hilligi bilen tapawutlanýar, ekalogiýanyň arassaçylygy biziň üçin örän wajypdyr. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň onlaýn söwdany ösdürmek üçin yzygiderli mümkinçilikler döredilýär. Onlaýn söwdanyň amatlyklary we usullary kärhanalar tarapyndan doly öwrenilip, şu aşakdaky web saýtlaryň üsri bilen müşderilere ýokary hilli hyzmat edilýär.

 /storage/photos/1/panbarhat.jpg