• +993 12 25 64 43
  • apfpanbarhat@sanly.tm
/storage/photos/1/Blog/hasyl2023.jpg

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

Düýn ýurdumyzda türkmen daýhanlarynyň ajaýyp zehinini we zähmetini, dogduk mekanynyň sahylylygyny görkezýän Hasyl baýramy giňden bellenilýär.

Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki döwürde Watanymyz ösüşiň we abadançylygyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Halkyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan ägirt uly işleriň netijesinde Türkmenistan dünýäde çalt ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygynyň ösmegine hem aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigine oňa iň täze tehnologiýalaryň, ylym we tehnologiýanyň iň soňky üstünlikleriniň we ösen ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleriniň giňden ornaşdyrylýandygy aýdyň şaýatlyk edýär.

Hasyl baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna Gutlag iberdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragynyň öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet bilen baýamaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, enjamlar we gurallar yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Şeýle hem şu gün milli senenamanyň möhüm senesine – Hasyl baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Köpetdagyň eteginde Halkara Ahalteke atçylyk toplumynyň golaýynda ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamak üçin häzirki zaman athanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň gurluşygy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy.

Athananyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bu pudagyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak, maddy we tehniki binýadyny berkitmek, tohum atlaryň sanyny köpeltmek üçin yzygiderli çäreler görülýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirilýär. Bu çäreler ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerde gurlan ajaýyp atçylyk merkezleri, şeýle hem ahalteke atlarynyň we ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan adamlaryň Ýer ýüzündäki barha artýan meşhurlygynyň netijesidir.